Russiýanyň göni inwestisiýalar fondy (RFPI) we “XimRar” kompaniýalar
topary koronawirusy bejerýän “Awifawir” preperatynyň eksportyny başlady.
Derman serişdesi iýun aýynda Belarussiýa iberildi. Ýskyn wagtyň dowamynda
bolsa Gazagystana ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bulardan başga-da, dünýäniň 50-ä
ýakyn ýurdy bu derman serişdesine gyzyklanma bildirýär.
“Awifawir” şu ýylyň 29-njy maýynda Russiýa Saglygy goraýyş ministrligi
tarapyndan hasaba alyndy. Ol indi “Fawipirawir” işjeň täsir edýän maddalary öz
içine alýan koronawirusa garşy dünýädäki ilkinji derman serişdesi hökmünde ykrar
edildi.
Ol koronawirus infeksiýasynyň öňüni almak, näsaga netije goýmak we bejergi
bermek boýunça usuly teklipleriň düzümine girizilen. “Awifawir” klinik
synaglarda özüniň netijeliligini subut etdi. Ol koronawirusyň köpelmek
mehanizmini bloklamak häsiýetine eýe.
Tabletka görnüşindäki bu derman serişdesi beýlekilere garanyňda arzan we
koronawirus bilen zeperlenmäniň deslapky tapgyrynda bejergi bermek
mümkinçiligi bilen beýlekilerden tapawutlanýar.
Russiýada koronawirusa garşy dermanyň eksportyny başlady
