Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň aýaly Ýelena Zelenskaýa
koronawirus ýokanjyndan sagaldy we hassahanadan çykdy. Bu barada Prezidentiň
“Facebookdaky” resmi sahypasynda mälim etdi.
Zelenskaýa özüni gowy duýýar we ýene-de maşgalasynyň bagryna
gaýdanyndan bagtly. Koronawirusy ýeňip geçen Ýelena iki taraplaýyn
pnewmoniýa keselinden bejergi almagyny dowam etdirer we öý şertlerinde bejergi
alar.
Ýatladyp geçsek, 12-nji iýunda Ýelena Zelenskaýanyň koronawirus
ýokuşdyryp alandygy habar edildi. 16-njy iýunda Ukraina birinji hanymy iki
taraplaýyn polisegment pnewmonýa kesel netijesi bilen hassahana ýatyryldy.
Wladimir Zelenskiý aýalynda koronawirus ýüze çykanyndan soň ýörite režime
geçdi.