Bu günki güne gelip koronawirus keseli adamyň dem alyş ulgamyna örän uly
zeper ýetirýändigi hemmä mälim boldy. Bu ýokanja ulaşanlar dem almakda
kynçylyklara duş gelýär. Olaryň döş kapasasynda agyry peýda bolýar.
Häzirki wagtda koronawirusa garşy belli bir ýörite derman ýok bolandygy
sebäpli bilermenler ýoga maşklaryny näsaglaryň ýeňil dem almaga kömek bermek
mümkinçiliginiň barlygyny belläp geçýärler. Ýoga ekspertleriniň sözlerine görä,
bu maşklaryň iň esasy peýdasy dem alyş ulgamynda duýulýar. Bu barada müsürli
ýoga tälimçisi şeýle diýýär: “Ýoga maşklarynyň içinde ünsüňi bir ýere jemlemek,
özüňi erkin duýmak, bar garaýşyňy özüne garatmak we dem alyş iň möhümleri
hasaplanýar”. Rana Mustafanyň bellemegine görä, çukur dem almak ýürek urşuny
ýuwaşladyp, adamdaky göwniçökgünligi azaldýar.
“Ýürek urşunyň tizleşmegi, tiz dem almak we gan basymynyň ýokarlanmagy
ýaly adam sussupeslige düşýän wagtda bolýan halatlaryň ählisi bedeni
boşaşdyrmak üçin çukur dem alanyňyzda aýrylýar. Ýoganyň iň gowy tarapy şudur,
ýagny, onuň bilen ähli adamyň islän ýerde meşgullanmagy mümkin. Ýogany ähli
ýaşdakylar we sagdyn ýa-da sagdyn däldigine garamazdan hemme ulansa bolýar.
Maşklar dürli kynçylykdaky görnüşlere bölünýär. Eger meşgullanyjy ýaralanan
bolsa, maşklar onuň ýagdaýyna görä hem üýtgetmek bolýar. Her bir adamyň
ýoganyň özüne laýyk görnüşini saýlamagy üçin onuň birnäçe görnüşleri bar” diýip
sözlerine goşmaça girizýär.