Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) missiýasy türkmen
hökümeti hem-de hünärmenleri bilen bilelikde COVID-19 garşy taýýarlygyň we
dessin çäreleriň dürli ugurlary boýunça işe girişýär. Missiýa BSGG-niň Ýewropa
sebitleýin býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça uly hünärmeni doktor
Katrin Smolwud ýolbaşçylyk edýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti
sişenbe güni habar berýär.
“Bu Türkmenistanyň esasy pozisiýasy – halkara bilermenleriň sapary, olaryň
türkmen hünärmenleri bilen bilelikdäki işi hem-de ýurtdaky ýagdaýlara obýektiw
baha bermekdir. Türkmenistan bilermenler toparynyň ýurda gelmegini hem-de
toparyň Ýewropa alyp gitmegini üpjün eder. Munuň üçin Türkmenistan ähli zerur
şertleri döretmäge taýýar” diýlip, habarda aýdylýar.
Türkmenistana saparynyň öň ýanynda BMG-niň internet sahypasynda beýan
edilen doktor Katrin Smolwud öz söhetdeşliginde Missiýanyň maksady we onuň
meýilnamasy, şeýle hem BSGG-niň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, şol sanda
halkara guramalary bilen bilelikde milli derejede döredilen Türkmenistanyň Ýiti
ýokanç kesellerine garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün
etmegiň meýilnamasynyň taýýarlygy hem-de durmuşa geçirilmegi bilen bagly
meseleler barada nygtap geçdi.
“On günlük saparyň dowamynda halkara bilermenleriň ýokary wezipeli
resmiler hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri bilen duşuşyklary
meýilleşdirildi. Saparyň esasy maksady koronowirusyň ýurduň çägine
aralaşmagynyň öňüni almakda türkmen Hökümetine we saglygy goramak boýunça
ministrligine ýardam bermekdir. Şeýle-de BSGG-niň wekilleri birnäçe saglyk
edaralaryna, umumy saglygy goraýyş merkezlerine, laboratoriýalara, milli, sebit,
şäher derejesindäki saglyk edaralaryna hem-de barlag goýberiş nokatlaryna
bararlar” diýip, doktor Smolwud belledi.
Türkmenistanyň öňüni alyş çäreleri barada belläp, doktor Smolwud “Biz
saparyň dowamynda bu barada öwrenmek mümkinçiliklerine garaşýarys” diýip
aýtdy.
Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen BMG-niň agentlikleri bilelikde
COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün
etmegiň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzdi. Resminamanyň esasy maksady
Türkmenistana ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almakdyr.
BSGG-niň bäş adamdan ybarat wekiliýeti duşenbe güni
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň çarter gatnawy bilen ýurda geldi.