Şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda ýurdumyzyň ýokary we
ýörite orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri okuwa kabul etmegi guramak
hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek
boýunça işler alnyp barylýar.
Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul
ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw
mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul ediler.
Giriş synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň
tabşyrylandygyny bellemek gerek.
Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw
mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş
synaglary bolsa 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar.
Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-
de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji
awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda
geçiriler.