7-nji iýulda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň
Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy jenap
Lamberto Zanýer bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli
daşary syýasy ugruna gyşarnyksyz ygrarlydygy bellenildi. Iri halkara guramalary
we abraýly sebit düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ýola goýmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Taraplar şeýle hem dünýädäki
pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklar meselesine garadylar.
Onlaýn duşuşygyna bilim ministri hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa
institutynyň ýolbaşçysy hem çagyryldy. Duşuşygyň çäklerinde abadançylygy we
durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen
uzak möhletli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.
Köp ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegi
ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar
şol ugurlary ösdürmäge uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan
bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp,
milli hem-de halkara ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge
taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝHHG-niň wekili bilen onlaýn duşuşyk geçirdi
