7-nji iýulda göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa
Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen
duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek
meseleleri girizildi.
Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň
boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki
birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary
wekilçilik etdiler.
Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet
düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk
serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek,
telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we
sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri
aragatnaşyga çykdylar.
Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan
ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Wideoduşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk
serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli
harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Öz tarapyndan «Awangard» açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek
we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda
işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça
tekliplerini öňe sürdüler.
Türkmenistan Sankt-Peterburg şäheri bilen işewür gatnaşyklary işjeňleşdirýär
