Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 3-nji iýulynda geçiren Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinde hem körpeleriň tomus möwsüminde oňat dynç
almaklaryny üpjün etmek üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde,
meýdançalarynda talabalaýyk işleriň ýola goýulmalydygyny aýratyn nygtap, bu
babatda degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi ruhubelent nesilleriň has hem
gyzykly we şadyýan dynç almaklaryny guramakda bu ugurda zähmet çekýän
terbiýeçi mugallymlardan döredijilikli zähmeti talap edýär.
Daşoguz welaýatyndaky “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş
merkezi hem bu günki günde öz işini joşgunly alyp barýar. Owadan künjekde dynç
alýan çagalar wagtlaryny gyzykly geçirýärler.Tomusky dynç alyş möwsüminde
hem çagalaryň sport oýunlaryna uly üns berilýär. Olaryň arasynda sportuň dürli
görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary we ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
Çagalar sportuň dürli görnüşleri – woleýbol, basketbol, tennis, futbol, suwda
ýüzmek, estafeta ylgawy, küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlar boýunça öz
ussatlyklaryny açyp görkezýärler. Olardan H.Atabaýewa, R.Ýegelekow,
A.Begenjowa dagy göreldeli çagalaryň hatarynda tanalmagy başardylar.
Bu ýerde çagalaryň goşgulary ýatdan labyzly aýtmak, öz döreden goşgulary
boýunça çeper okaýyşlary gurnamak bilen olaryň döredijilik ukyplaryny açyp
görkezmeklerine uly mümkinçilikler döredilýär. 2014-nji ýylyň gyşky dynç alyş
möwsüminde açylyp ulanylmaga berlen merkezde häzirki wagtda çagalaryň 300-si
dynç alýar. Merkezde çagalaryň 12 topary bar. Has guwandyryjy tarapy toparlaryň
özüniň joşgunly we buýsandyryjy şygarlary bolup, “Garaşsyz Diýarym, Bitarap
ýurdum!”, “Bitaraplyk göwün guşum, ganatym”, “Arkadagly toýly Diýar
güllesin!”… ýaly ajaýyp setirler bilen başlanýar.
Merkezde çagalaryň tomusky dynç alyşlary göwnejaý guralýar. Şolar
dogrusynda has içgin gyzyklanyp, merkeziň müdiri Döwran Jumamyradow bilen
söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Bu ýerde çagalyk dünýäsiniň ajaýyp pursatlary mizemez dostluk, egsilmez
şatlyk bar. Merkezde çagalaryň dynç alyş möwsümi alty tapgyrda gurnalar. Ýeri
gelende bellesek, körpeler bu ýerde taryhymyzyň syrly dünýäsinden hem daşda
däl. Her möwsümde däbe öwrülen ajaýyp syýahatlar hem çagalaryň göwünlerini
göterýär. Olar bilen welaýatyň Görogly etrabynda ýerleşýän “Yzmykşir” galasyna,
welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna,
seýilgählere gezelençler guralýar. Munuň özi, geçmişimize çuňňur sarpa goýýan
kämil düşünjeli, watansöýüji nesilleriň kemala gelýändiginiň alamatydyr.
Merkezimizde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin
D.Amanowa, M.Amangeldiýew, Ş.Hallykylyçow ýaly mugallymlaryň yhlasly
zähmetleri bolsa aýratyn bellärliklidir.
Çagalyk dünýäsiniň unudylmajak ýakymly duýgulary bilen gurşalan
merkezde halkymyzyň naýbaşy ýörelgeleri bolan dostlugyň, edep-ekramlylygyň
aýdyň şöhleleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Elbetde, şeýle
gymmatlyklarymyzyň körpe nesillere niýetlenendigini görmek her bir ene-atanyň
başyny göge ýetirýär, Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş aýdylýar.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
žurnalistika hünäriniň talyby.