Barselonanyň syýahatçylyk konsorsiumy bilen “Moskwanyň
myhmansöýerligi we syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslama taýýarlaýan ofisi”
ASDG-nyň arasynda özara düşünişme boýunça memorandum baglanyşyldy. Bu
barada caoinform.moscow habar berýär. Russiýanyň we Ispaniýanyň paýtagt
wekilleri halkara çärelerine bilelikde gatnaşarlar, tejribeleri bilen paýlaşarlar,
bilelikde barlag işini alyp bararlar we özaragatnaşygyň beýleki görnüşlerini
peýdalanarlar. Mundan başga-da, taraplar halkara konferensiýalary, hünär
okuwlaryny we Moskwa hem-de Barselona syýahatçylary çekmäge ýardam etjek
sergileri gurnamak barada hem gürleşdiler.
– Barselonadan kärdeşler bilen memorandum yzygiderli esasda
hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar – diýip, Moskwanyň meriniň orunbasary
Natalýa Sergunina belleýär.
Ol hyzmatdaşlyk babatda dünýäniň beýleki şäherleri bilen hem ylalaşygy
gazanmagyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şeýle gepleşikler pandemiýa döwründe
hem alnyp baryldy. Duşuşyklar teleköpri görnüşinde gurnaldy.
Belläp geçsek, syýahatçylyk boýunça moskwa komiteti Moskwa bilen
Barselonanyň syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda 70-den gowrak iş bilen bagly
onlaýn-duşuşyklaryň tapgyryny gurnady. Oňa gatnaşyjylar syýahatçylyk bazaryny
dikeltmek boýunça özleriniň taslamalary bilen tanyşdyrdylar we syýahatçylyk
akymyny işjeňleşdirmegiň geljekki serişdelerini maslahatlaşdylar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Moskwa we Barselona syýahatçylyk gurşawynda özara goldaw berişmek barada memorandum baglanyşdylar
Moskwa we Barselona syýahatçylyk gurşawynda özara goldaw berişmek barada memorandum baglanyşdylar
