Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan,
Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol
bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary
dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde
öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna düz boýalan we tüýjümek önümler,
jinsi matalar, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa, BAE, Türkiýe,
Azerbaýjan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37
million 334 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan,
Owganystandan, Ermenistandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 17
million 850 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny, buýan köküniň şiresini
hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 380 müň
manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polipropileni we polietileni
(«Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.
Geçen hepde biržada 37 million 334 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy
