Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda
howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan,
demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa
akymynyň aralaşmagy sebäpli, howada tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi
bellige alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy, ozaly bilen, dem alyş ulgamy üçin
amatsyzdyr.
Tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň
öňüni almak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni
alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.
Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň
kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy – ekzogen täsirini peseltmek
we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni
almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen
lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun
örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär.
Şunda howpsuz aralygy, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk
saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip – düzgünleri
berk berjaý edilmelidir.
Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, daşardan
gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däl,
sowadyjynyň gabadynda durmaly däl, aşa sowuk suwy içmeli däl.
Sebäbi bu hereket dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip bilýär.
Bu ýönekeý, emme örän möhüm kadalary berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik
döwründe janyňyz sag bolar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar
merkezi