10-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň
Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň
konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy
taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda
durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyşmak hem-de olara syn bermek
maksady bilen Türkmenistana geldi.
Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy
goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň işjeňligini hem-de
netijeliligini nygtady we türkmen tarapynyň BSGG-nyň berýan maslahatlaryna
gyşarnyksyz eýerýändigini hem belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, pandemiýa
garşy gönükdirilen ähmiýetli göreşde Türkmenistanyň halkara hem-de sebit
derejesinde köpugurly hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn taýýarlygyny ýene-de bir
gezek tassyklady.
Öz gezeginde, BSGG-nyň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina
Karwowska BSGG-niň ýolbaşçylarynyň adyndan BSGG-nyň ÝSE-nyň
wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň ýokary derejede guralandygy we
hemmetaraplaýyn utgaşdyrmakda beren goldawy üçin Türkmenistanyň
Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň COVID-19 ýokanç keseline
garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallalarynyň, şol sanda Alym-
lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjy we ýurdumyzyň
«COVID-19 garşy tehnologiýalara ygtyýarlyk platformasyna» (C-TAP)
goşulmagynyň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy. Bu Platformanyň aýratynlyklary
barada BSGG-nyň ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş
hünärmeni, bu missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwud gürrüň berdi.
DIM-iň ýolbaşçysy şeýle-de häzirki wagtda Ýiti ýokanç kesele garşy
taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasynyň
işjeň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda ýiti
ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň
Meýilnamasy hem tassyklanyldy we ol koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň
çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ähli edaralaryň taýýarlygyny göz
öňünde tutýar.
Ministr şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjyna
garşy göreşmek boýunça ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň
ynsanperwerlik ugurly düzüjilerini gurşap alýan üçünji milli meýilnamanyň
işlenilip düzülýändini hem aýratyn nygtady.
Aýratyn hem şübhe dörediji ýagdaýlaryň ählisini derwaýys ýagdaýda
seljermek, şol sanda olar dogrusynda gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa
geçirilmegi barada habar bermek üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň
we serişdeleriniň bardygy hem bellenilip geçildi.
Bu ugurda koronawirusyň täze görnüşiniň howada uzak wagtyň dowamynda
saklanmaga ukyply bolan owunjak aerozol damjalary arkaly ýaýramak
mümkinçiliklerini tassyklaýan ylmy barlaglar nazarda tutulmagy bilen, aýratyn
goragy talap edýän töwekgelçiligiň derejesi, şol sanda ony pese gaçyrmagyň
usullary barada jemgyýetçiligiň habardar edilmegi boýunça işjeň maglumat beriji
kampaniýa hem geçirilýär.
Şol gün, BSGG-niň ÝSE-nyň wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi, ol ýerde
ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmegini üpjün
etmegiň çäklerinde milli derejede durmuşa geçirilýän hereketler ara alnyp
maslahatlaşdyldy.