Türkiýäniň Döwlet Geňeşiniň kararyna görä, Stambul şäherindäki “Keramatly
Sofiýa” taryhy binasy täzeden metjit hökmünde ulanylmaga berler. Bu barada
“CNN Turk” telekanaly habar berýär.
Bir wagtlar Gündogar Rim imperiýasynyň iň uly ybadathana bolan
“Keramatly Sofiýa” 537-nji ýylda bina edilen hasaplanýar. Osmanly
türkmenleriniň ýaş hökümdary Soltan Muhammet II 1453-nji ýylda Stambuly
boýun egdirenden soň, bu ybadathana metjide öwrüldi. Şondan bäri “Keramatly
Sofiýa” Stambulyň simwoly bolup geldi.
1935-nji ýylda, ýagny Türkiýäniň birinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň
döwründe metjit muzeý hökmünde ulanyldy. ÝUNESKO bütindünýä mirasynyň
obýektleriniň sanawyna girizildi. Döwlet Geňeşiniň kararynda bellenilmegine görä,
“Keramatly Sofiýa” metjit hökmünde wakf edilen we ony başga maksatlarda
ulanmak gadagan edildi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öňräk “Keramatly Sofiýa”
ybadathanasy adyny özgertmek we ony muzeýden metjide öwürmek
mümkinçilikleri boýunça Döwlet Geňeşi kararyna garaşýandygyny mälim etdi.
“Keramatly Sofiýa” ýene-de metjit derejesi berler
