Bu barada ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň onlaýn görnüşde alyp
barýan COVID-19 hakyndaky statistik maglumatlarda aýdylýar. 5-nji iýul güni
Aşgabat wagty bilen 20:30 ýagdaýyna görä, koronawirusdan sagalanlaryň sany
6 111 195-den geçipdir. Sagalanlaryň köp bölegi Braziliýa (1 013 951), ABŞ
(894 325), Russiýa (449 995), Hindistan (409 083), Çili (257 451) ýaly döwletlere
dogry gelýär.
Sagalanlaryň sany boýunça öňdelikde gelýän döwletler keseliň ýokuşyşy
boýunça hem ilkinjilerdendir. Esasan hem, ABŞ-da dünýädeki koronawirus ýokuş
ýagdaýynyň çärýek bölegi – 2 841 124 adamda COVID-19 anyklanyldy.
Braziliýada kesellänleriň sany 1,5 milliondan geçdi. Russiýada 680 müňden
gowrak, Hindistanda 673 müňden köpräk. Çilide azyndan 292 müň näsag keselden
ezýet çekýär.
Bütin dünýä boýunça koronawirus ýokuşanlaryň sany 11 304 534 sany adama
ýetdi. Pandemiýanyň gurbanlarynyň sany 531 659-den hem ötridir. Iň köp aradan
çykma halaty ABŞ-da gözegçilik edilýär – 129 689 adam. Soňraky orunlary
Braziliýa (64 265), Beýik Britaniýa (44 283), Italiýa (34 854), Meksika (30 366),
Fransiýa (29 896) we Ispaniýa (28 385) eýeläp gelýär.