Facebook-da peýdalanyjylaryň awtorizatsiýa etmekde we jemgyýetçilik
ulgamyna girmekde global üzülmelere gözegçilik edilýär. Bellenilmegine görä,
2020-nji ýylyň 10-njy iýul güni Facebook-yň işleýşinde uly üzülme bolup geçdi.
Hünärmenleriň pikirine görä, ulgamyň baş sahypasynda köpçülikleýin
görnüşde gözegçilik edilen özülmeler Facebook (Facebook SDK) jemlemesini
işläp çykmak bilen bagly meselelere sebäp bolmagy mümkin.
The Verge neşiriniň ýazmagyna görä bolsa, köpsanly baş sahypalar
peýdalanýanlaryň awtorizatsiýa etmekde Facebook akkauntleryndan
peýdalanýarlar. 10-njy iýulyň säher çagynda kompaniýanyň maksatnama işläp
düzüjileri platformanyň meseleden bihabardygy we Ios peýdalanyjylary duş gelen
tehnik ýalňyşlary aradan aýyrmagyö üstünde iş alyp barýandygyny mälim etdi.
Ios peýdalanyjylary Facebook SDK bilen integrasiýalaşan Spotify, Pinterest,
TikTok we başga-da köpsanly torlara girmegiň alajy bolmaýandygyndan şikaýat
edipdir. Maksatnamalar internet torunda (4G ýa-da WiFi) işjeňleşen wagtda
işlemän galypdyr. Ýöne smartfon “Uçuş” režimine geçirilen wagtda olar ýene-de
öňki ýagdaýyna dolanyp işläp başlaýar.
Mundan başga-da, şuňa meňzeş awtorizasiýa ýa-da tora girmek bilen bagly
meseleler Android hem-de Windows maksatnamalarynda hem gözegçilik edildi.
Aşgabat wagty bilen 18:30 halatyna görä, mesele häli doly birtaraplaýyn
edilmändir. Kompaniýa maksatnama işläp taýýarlaýjylarynyň resmi saýtynda bu
baradaky işleri ň dowam edýändigini habar etdi.
Facebook-da uly üzülme bolup geçdi
