Tramp Ak öýde Meksikanyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradory
kabul etdi. Bu iki prezidentiň ilkinji duşuşygy boldy. Iki sany döwlet
ýolbaşçysynyň ABŞ, Meksika we Kanadanyň arasyndaky täze söwda geleşigi –
“USMCA”-ny gol çekmegiň çäginde geçirildi. Bu geleşik iýul aýynyň başynda
güýje giripdi. Kanadanyň premýer ministri Jastin Trýudo Waşingtona gelmekden
ýüz öwürdi. Şu sebäpli duşuşyk ikitaraplaýyn görnüşde alnyp baryldy.
Tramp žurnalistleriň öňündäki nutugynda ABŞ we Meksikanyň häzirki
gatnaşyklary “Häli görülmedik derejede” diýip atlandyrdy we olar “hiç haçan
häzirkiden beter ýakyn bolmadygyny” belläp geçdi. Ol Meksika prezidentini
öwgüläp, ony “başarjaň diplomat” hökmünde aýratyn belleýär.
Öz nobatynda Lopes Obrador Trampa düşünendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
ABŞ-nyň “Meksika garaşly döwlet hökmünde garamandygy” hakynda nygtap
geçýär. Bu barada Meksika prezidentiniň öz sözleri bilen beýan etsek: “Siz
garaşsyz döwlet hökmünde biziň şertlerimizi berjaý etdiňiz. Men bu ýerde
bolanymyň sebäbi hem şunda: ABŞ prezidenti bize hormat we mähir bilen
gatnaşykda bolany üçin ABŞ halkyna minnetdarlyk bildirýärin!”
Tramp ilkinji gezek Meksikanyň Prezidenti bilen duşuşdy
