«Türkmendemirýollary» agentligi resmi saýtynda 16 ― 23-nji iýul
aralygynda ýolagçy otlularyň ählisiniň hereketiniň çäklendirilýändigini habar
berdi. Bu çäklendirme sanitariýa-epidemologiýa we zyýansyzlandyryş işlerini
geçirmek bilen baglydyr.
Agentlik mundan öň hem adamlaryň saglyk babatyndaky howpsuzlygyny
üpjün etmek maksady bilen käbir çäreleri durmuşa geçiripdi. Mysal üçin,
Serhetabat, Kaka, Kerki, Gazojak, Tagtabazar, Etrek, Görogly, Darganata we
Farap stansiýalaryndan münýän ýolagçylardan saglyk ýagdaýy baradaky
kepilnama we degişli saglyk ojagyndan hem-de polisiýa bölüminden rugsatnama
talap edildi.
Ýeri gelende aýtsak, her ýylda 6 million ýolagçy «Türkmendemirýollarynyň»
hyzmatlaryndan peýdalanýar.