ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň San-Diego şäherinde ýerleşen “Benom
Riçard” (USS Bonhomme Riçard) gämisinde bolup geçen partlama we ýangyn
netijesinde 17 sany deňizçi we dört sany raýat ýaralandy. Bu barada ABŞ-nyň
Ýuwaş umman flotynyň serkerdesi admiral Filipp Sobek mälim etdi.
Sobekiň sözlerine görä, partlama we ýangyn gäminiň içinde gyzgynlygyň
ýokarlanmagy netijesinde emele gelipdir. Ýangyn sebäpleri barlagçylar tarapyndan
anyklanylýar. Admiral ýangynyň aşaky ýük gämisinde başlanandygyny aýtdy.
Hadysa netijesinde 21 adam jebir çekdi. Olaryň ýagdaýy belli bir derejede
gowy we ýaralanmalar esasan, köýmek we zäherlenmek bilen bagly. Sobek ýene-
de gäminiň ammarynda “bir million gallon ýangyç” (3700 tonnadan hem köpräk)
barlygyny we ýangyn söndürijiler ýangynyň öňüni almaga synanyşýandygyny
aýtdy. Ýangyn ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 8:30-da başlandy. Gämi tehnik
hyzmatda bolup, onuň üstünde, takmynan, 160 adam bardy. Ýangyn söndürijiler
we harby gullukçylar waka bolup geçen ýerde iş alyp barýarlar. Emma ýangyny
söndürip ýetişmeýärler. Bu barada ABŞ-nyň harby-deňiz flotynyň “Twitterdäki
sahypasynda şeýle diýilýär: “17 sany deňizçi we dört sany raýatlara ýerli
hassahanalar tarapyndan kömek berilýär. Olaryň ömri howp astynda däl.
Ýangynyň sebäpleri häli-häzire çenli nämälimligine galýar”.