Hindi aktrisasy we model Aýşwariýa Raý Baççana hem koronawirus ýokuşdy. Keseliň položitel görkezijisi şeýle hem onuň 8 ýaşly gyzynda gözegçilik edilipdir.
Raý Baççan ýanýoldaşy Abhişek Baççan we gaýynatasy Amitabh Baççan COVID-19 bilen näsaglap hassahana ýatyrylan güni koronawirusa test tabşyrdy. Netijeler bolsa oňyn çykdy. Olarda hem koronawirus anyklanyldy.
Häzirki wagtda Baççanlaryň Mumbaýdaky öýi ýapyldy. Öýde ýaşaýanlar bolsa iki hepdelik karantina alyndy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Hindistan koronawirus ýokunjynyň ýaýraw gerimi boýunça 3-nji orunda barýar. Şu wagta çenli ýurtda 800 000 adam koronawirus bilen näsaglady. 164 müň adam bolsa aradan çykdy.
Dünýä gözelinde hem koronawirus ýüze çykdy
