Russiýaly immunolog, jemgyýetçilik we halkara saglygyny goraýyş boýunça bilermen Nikolaý Krýuçkow adamyň haýsy ýagdaýlarda koronawirus bilen kesellemejekdigini mälim etdi.
Birinjisi, güýçli dogabitdi immunitet, ikinjisi dürli möwsümleýin koronawirus sebäpli kesellemek netijesinde peýda bolan immunitet, üçünjisi keseliň ýeňil görnüşde geçmegi netijesinde emele gelen immunitet. Hünärmeniň pikirine görä, deslapky iki ýagdaý, dümewlemekden soňky emele gelen immunitet sebäpli koronawirusyň bedene ýokuşmazlygy mümkinligi hakynda aýdylýar.
Üçünji ýagdaýda bolsa, ýokanjy adamyň hatda duýmazlygy we üns bermezligi hem mümkin. Meselem, birnäçe gün üsgürmek we şonuň bilen ählisi geçip gidýär. Şeýle-de, bedende infeksiýa bar bolýar we özboluşly immunitet kemala gelýär.