“Amazon” kompaniýasynyň aksiýalarynyň bahasynyň bir hepdäniň içinde 10 göterime çenli artandygy sebäpli Jeff Bezosyň baýlygy 16,2 milliard dollar köpeldi. Onuň çemi baýlygy 188,2 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de, onuň öňki ýanýoldaşy Makkenzi Bezos 62,3 milliard dollary bilen ABŞ-nyň iň baý aýalyna öwrüldi.
Makkenzi Bezos 2019-njy ýylda adamsy bilen aýrylyşdy. Netijede bolsa onuň aksiýalarynyň çärýek bölegine eýe boldy. Şol wagtlar bu aksiýalaryň bahasy 36 milliard dollardy. Şondan bäri aksiýalaryň bahasy köpelmegini dowam etdirdi. Netijede bolsa Makkenzi Bezosyň baýlygy häzire çenli 2 essä çenli köpeldi.
Makkenzi Bezos bu görkezijiler bilen ABŞ-nyň baý aýaly boldy. Ol bu barada Walmart kompaniýasynyň esaslandyryjysy Sem Uoltonyň gyzy Elis Uoltondan öňe geçdi. Baýlygy Makkenzi Bezosyňkydan köplügi bilen diňe bir aýal – L’Oreal esaslandyryjysynyň agtygy Fransuaza Betankur-Maýeriň magtanmagy mümkin. Onuň baýlygy 64 milliard dollar diýip bahalanýar.
Üns bermeli ýeri, Makkenzi Bezosyň baýlygy näçe köpelse, şonça-da köp sahawatçylykly işleri etmekligine garaşylýar.