Mongoliýanyň Gow-Altaý welaýatynda 15 ýaşly ýetginjek gara infeksiýadan
aradan çykandygy hakynda habar ýaýrady. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi
ýurtda saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.
Mongoliýa Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili Dorjiýna Narangerela şeýle
belleýär: “PZR synagynyň netijesinde 15 ýaşly çaganyň ölümine gara infeksiýa
sebäp bolandygyny görkezdi”.
Bellenilmegine görä, merhum hassahana barýan wagty aradan çykypdyr. Ol
üç gün öň adatça gara infeksiýany göterijisi hasaplanýan gemrijileriň bir görnüşini
iýen ýetginjegiň ähli ýakynlary häzirki wagtda karantina aldylar.
Mongoliýada 15 ýaşly çaga gara infeksiýa sebäpli aradan çykdy
