2021-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan gylyçlaşmak söweş boýunça
Dünýä çempionaty ýatyryldy. Bu barada Halkara gylyçlaşmak söweş
federasiýasynyň (FIE) Ýerine ýetiriji komiteti mälim etdi.
Müsürde geçirilmeli gylyçly söweş boýunça 2021-nji ýylky Dünýä
çempionaty Ýaponiýadaky nobatdaky Ýazky Olimpiada oýunlarynyň 2020-nji
ýyldan 2021-nji süýşürilendigi sebäpli başga ýylda geçirmek barada karar kabul
edildi.
Dünýä çempionaty uly ähtimallyk bilen 2022-nji ýylda geçer. Müsür
gylyçlaşmak söweş boýunça federasiýasy ýaryşlary guramak üçin ähli
mümkinçilikleriniň bardygyny, çempionatyň Müsürde geçirmegine doly
taýýardygyny aýtdy.
2021-nji ýyldaky gylyçlaşmak söweşi boýunça Dünýä çempionaty yza süýşüriler
