Häzirki wagtda dünýä boýunça koronawirus ýokanjyna garşy ýüzden gowrak
waksinanyň üstünde iş alnyp barylýar. New England Journal of Medecine
žurnalynda ABŞ-da döredilen waksinanyň oňyn netije berýändigini belledi.
ABŞ-daky Moderna kompaniýasy öz döredýän waksinasynyň deslapky synag
tapgyrlaryna gatnaşan 18 ýaşdan 55 ýaşa çenli bolan 45 sany gatnaşyjynyň
ählisinde koronawirusa garşy immunitet dörändigini mälim etdi.
Meýletinçiler 3 topara bölündi we her bir topara dürli dozalarda mRNA-1273
waksinalary berildi: 25, 10 we 250 mikrogram, iki gezek, sanjymlaryň arasyndaky
28 günlük interwal bilen. Üç toparda hem birinji sanjymdan soň gatnaşyjylar alnan
waksinanyň dozasyna mynasyp görnüşde koronawirusa garşy antikorlary işläp
çykdy. Ikinji sanjymdan soň antikorlaryň sany birnäçe esse artdy. Mundan başga-
da, iň köp waksina iň az dozalanan topar gatnaşyjylarynyň arasynda taýýarlanyldy.
Ýöne gatnaşyjylaryň ýarymdan gowragynda waksinanyň ýeňil bolan täsirine
gözegçilik edildi. Olarda kelle agyry, ýadawlyk we muskullaryň agyrysy bolup
geçdi. Moderna kompaniýasy öz waksinasynyň ikinji tapgyryny şu aýyň ahyryna
meýilleşdirýär. ABŞ-nyň hökümeti Moderna kompaniýasynyň waksinasy üçin
häzirki wagta çenli ýarym milliard dollar maýa goýumyny bermegi wada berýär.