Britaniýaly alymlar tarapyndan alnyp barlan täze gözlegleriň netijesine görä,
koronawirusyň üsgürmek, gyzzyrmak we ys bilmek ukybynyň ýitmegi ýaly
alamatlarynyň hataryna derä örgünleriň örmegini hem goşmak boljakdygyny
anykladylar.
Alymlar öz gözleglerinde Beýik Britaniýada döredilen “COVID-19
alamatlaryny öwrenmek” diýlip atlandyrylan mobil maksatnamadan
peýdalanypdyrlar. Bu maksatnamada adamlar özlerindäki koronawirus
alamatlaryny ýazyp almaklary mümkin bolar. Bu programma arkaly 336 müň
adamda koronawirus alamatlary hakynda maglumat alnypdyr. Geň galdyryjy
tarapy olaryň köp böleginde deri örgünlerine gözegçilik edilipdir.
Oňa görä, koronawirusy ýokuşdyryp alanlaryň 8,8%-niň derisinde örgünler
hem peýda bolupdyr. Bu bolsa örgünleriň koronawirus bilen bagly bolmagy
mümkinligini görkezýär. Bu barada ylmy gözlegleriň esasçysy dermatolog
Weronika Bataýle şeýle maglumatlary berýär. “Köpsanly wirusly ýokançlaryň
adam derisine täsir etmegi mümkin. Şonuň üçin koronawirusa ýolugan näsaglaryň
derisinde örgünleriň peýda bolmagy adaty ýagdaý. Ýöne adamlar esasy şuny
bilmekleri gerek. Örgünler koronawirusyň soňky ýa-da ýeke alamaty hem bolmagy
mümkindir. Şonuň üçin siz deriňizde täze örgün emele gelse, muny berk
gözegçilige almagyňyz we özüňizi izolýasuýa etmegiňiz gerek. Mümkin boldugyça
koronawirusa test tabşyryň”.
Britaniýa dermatologlar assosasiýasynyň prezidenti Tanýa Bleýker bolsa
şeýle gürrüň berýär. “Bu ylmy barlaglardan alnan maglumatlar adamlaryň
özleriniň derisindäki çişler, örgünler ýaly her hili özgerişlere gaty üns bermek
gerekdir. Ilatyň koronawirus bilen bagly bolan deri özgerişleri hakynda mälim
etmegi bu infeksiýanyň anyklanylmagy we onuň ýaýramagyny togtatmaga ýardam
bermegi mümkin”.