Hytaý döwletiniň ykdysadyýeti rekord derejede peselmeginden soň, şu ýylyň
ikinji çärýeginde 3,2% ösdi. Bu barada BBC habar berýär.
Dünýäde ykdysady ösüşi boýunça ikinji orunda duran Hytaýda koronawirus
sebäpli karantin çäreleriniň yglan edileninden soň birinji çärýekde ykdysadyýetiň
ösüş depgini peselipdi. Emma şu hepdede berlen ykdysadyýetiň ösüş
görkezijilerine ser salsaň, Hytaýyň ykdysadyýetinbiň aprel-iýun aýlarynda ýene-de
ösüp başlandygyny görkezdi. Hytaý öz ykdysadyýetini ýene-de işe girizdi. Soňky
wagtlarda görkezijiler bilermenler takmyn edeninden ulurak boldy. Bu bolsa
Hytaýyň dowam edýän tehniki ressesiýa hökmünde bilinýän iki çärýekdäki
negatiw ösüşi gyralap geçýär. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde Hytaýdaky ykdysady
ösüşi 6,8%-e çenli peselipdir. Bu jemi içerki önümi hasaplamak başlananyndan
bäri iň uly peseliş bolupdyr. Hytaý güýçli karantin çärelerini ýola goýmak
maksady bilen köpsanly kärhanalary we biznesleri ýapmaga mejbur boldy.
Hökümet ykdysadyýeti janlandyrak üçin häzirki wagtda birnäçe ýeňillikleri
döredýär. Salgytlary azaldýar.
Maý aýynda Hytaý koronawirus sebäpli 2020-nji ýyl üçin ykdysady ösüş
meýilnamasyny yglan etmezligini aýtdy. Hytaý 1990-njy ýyldan bäri birinji gezek
özi üçin jemi içerki önümiň ösüş meýilnamasyny yglan etmedi. Hytaý milli
statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurtda
ykdysady ösüş depgini 1,6% çenli peselipdir.
Pandemiýa şertlerinde ilkinji gezek Hytaý ykdysadyýeti ösüp başlady
