Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň
Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de
maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de
dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň
meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen
şertlendirilendir.
Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri —
lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň
88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12
müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselden
goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy
üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili ynsan saglygyny ähli zatdan
belentde tutýan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet
berýän hormatly Prezidentimize tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri üçin
hoşallyk bildirdi hem-de bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen
Türkmenistanda bolup görmek mümkinçiliginiň dörändigine örän şatdygyny
aýratyn nygtady.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ynsanperwer ýüki Türkmenistana geldi
