Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň
polimer zawodynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Tekiz boýalan we
jakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Gyrgyzystanyň,
Azerbaýjanyň, Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Söwdalaryň
umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 659 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň işewürler
toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 837 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi
satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 27 million 252 müň
manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary
dykyzlykly polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
Biržada bir hepdede 51 sany geleşik hasaba alyndy
