Birleşen Ştatlaryň Tehas ştatynda dünýä inenine häli köp wagt bolmadyk 85
sany bäbekde koronawirus ýokanjy ýüze çykdy. Bu barada “The Hill” neşiri
“Nueces Country” jemgyýetçilik saglygyny goramaäk guramasynyň direktory
Annett Rodrigeziň beýanatyna esaslanyp habar berýär.
Bu barada Annett Rodrigez şeýle gürrüň berýär:
— Bu bäbejikleriň doglanyna häli bir gün hem bolmandy.
Rodrigez öz nobatynda amerikalylary koronawirus infeksiýasynyň
ýaýramagyny togtatmak üçin jemgyýetçilik aralygyny saklamak, agyz-burun
örtügini dakmak hem-de öýde galmaga çagyryş beripdi.
Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ “COVID-19”
ýaýramagy boýunça dünýäde birinji orunda dur. Ýurtda 3,5 milliondan gowrak
ýagdaý hasaba alyndy. Koronawirus ýokanjyndan 139 müňden gowrak adam
aradan çykdy.
ABŞ-nyň Tehas ştatynda 85 sany bäbege koronawirus ýokuşypdy
