Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa üçin maýa goýum
gaznasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşmagy mümkindir. Bu barada “Trend”
habar agentligi duşenbe güni habar berýär.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilliginiň berýän maglumatyna görä, 2019-njy
ýylda badalga berlen taslamalara indikiler degişlidir:
Merkezi Aziýada maýa goýum pudagyny, bäsdeşlige ukyplylygy we söwda
işlerini goldamak;
Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we
howanyň üýtgemegi ulgamynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Energetika we suw
serişdeler ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi Aziýa maksatnamasy;
ÝB – Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin
maksatnamasy;
Merkezi Aziýada maliýe durnuklylygy berkirtmek we töwekgelçiligi
peseltmegi çaltlaşdyrmak.
“Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2010-
njy ýylyň awgust aýynda güýje giren Söwda we onuň bilen bagly meseleler
hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar, diýip ÝB-niň wekili
belledi” diýip, “Trend” ýazýar.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi 2019-njy ýylyň iýul aýynda açylypdy.
“Bu wekilligiň açylmagy ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde
gyzyklanma bildirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar” diýip, habarda beýan
edilýär.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
