BAE indiki ýyl iň köp syýahatçylaryň barmagy garaşylýan ugurlaryň biri
bolmagy mümkin. “Lonely Planet” neşiriniň ýazmagyna görä, 2021-nji ýylyň iň
köp syýahatçy barmagy garaşylýan dynç alyş mesgenlerini kartalaşdyrmak üçin
bar bolan gözleg ulgamlarynyň maglumatlaryndan peýdalanan Şweýsariýanyň iň
uly syýahatçylyk kompaniýasynyň bilermenleri 131 ýurduň peýdalanyjylarynyň
geljekki dynç alyş möwsümi hakyndaky sowallaryny hasaba aldylar.
Netijede, meselem, amerikaly hem-de kanadalylaryň Ýaponiýa, ruslaryň bolsa
Meksika syýahat etmegi isleýändigini mälim etdiler. Şeýle-de, ýewropalylar
Maldiw adalaryna syýahat etmäge intizarlyk bilen garaşýarlar. Peru bolsa Günorta
amerikalylar üçin iň bir möhüm syýahatçylyk ýerleriniň birine öwrülýär.
Awstraliýalylar bolsa öz ünslerini Fidji adalaryna berýärler. Global kartada BAE-
den soňky iň köp syýahatçy garaşylýan ugurlaryň sanawynda Katar, Kanada, ABŞ
hem-de Müsür esasy orunlarda barýar.
2021-nji ýylda iň köp syýahat ediljek ýerler nire?
