Çybynlaryň koronawirus göterijileri bolmagy mümkinligi baradaky alnyp
barlan ylmy barlaglaryň netijelerine görä, bu mör-möjekler näsaglan adamdan
başga bir adama COVID-19-y daşamaýarlar.
Habarlarda aýdylmagyna görä, tebigatda duş gelýän çybynlaryň organizminde
koronawirus köpelip bilmeýär. Şonuň üçin çybynlar koronawirus bilen näsaglan
adamy çakanda hem ol keseli başga adama ýokuşdyrmaýar. Ylmy barlaglary
alypbarýan alymlaryň biri şeýle gürrüň berýär: “Biz şulary açyp görkezmegi
başardyk. Koronawirus çybynlaryň bedeninde köpelmek ukybyna eýe däl. Şu
sebäpli hem çybyn infeksiýa ýolugan näsagyň bedeninden gan sorup alan hem
wirusy başga bir adama daşamaýar”.
Bu ylmy barlaglar BSGG-niň çybynlar wirus göterijileri däl diýen beýanatyny
tassyklady. Bu barada BSGG şeýle belleýär: “Koronawirus çybyn çakmaklygy
arkaly ýokuşmaýar”. Ady agzalan ylmy gözleglere gatnaşan ABŞ-ly alym Stefen
Higgs bolsa şeýle diýýär: “BSGG-niň çybynlar wirusy daşamaýandygyny
tassyklady. Biziň ylmy barlaglarymyz bolsa bu maglumaty tassyklan birinji ylmy
gözleg işi boldy”.
Koronawirusy haýwanlar göterijiligi ýa-da beýle däldigi häli häzire çenli
garaňkylygyna galýar. Koronawirusyň genetik gelip çykyşy baradaky
nazaryýetlerden biri hem haýwanlara bagly bolup, bu pandemiýanyň çeşmesi
Hytaýyň Uhan şäherindäki ýabany haýwanlaryň bazaryndan satyn alnan ýarganat
bolandygy hakynda pikirler bar.
Şeýle-de, ýolbarslar, pişikler we itler arkaly hem koronawirusyň
ýaýraýandygy hakynda hem habarlar bar. Emma adamlaryň arasynda
koronawirusyň ýaýramagynyň umumy hasabynda bu haýwanlar arkaly keseli
ýokuşdyryp alanlaryň sany juda az mukdary emeler getirýär.
Çybynlar koronawirus ýaýradyjylary däl — alymlar
