«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde ýerleşýän söwda dükanlary
21-nji iýuldan 1-nji awgust aralygynda profilaktika işlerini geçirmek üçin ýapylar.
Arzuw News agentliginiň habar bermegine görä, egin-eşik, aýakgap, zergärçilik,
şeýle hem azyk harytlaryndan galan dükanlar işini bes eder.
Habarda bellenilişine görä, «Halk market» dükany, şeýle hem gündelik zerur
harytlary satýan dükanlar işini dowam eder.