Russiýanyň ýokary syýasy ýolbaşçylygynyň wekilleri we ýurduň iri
kompaniýalarynyň ýolbaşçylary aprel aýyndan bäri Moskwada N.F.Gamalei
adyndaky milli barlag merkezi tarapyndan taýýarlanylýan COVID-19-a garşy täze
sanjymy gizlin alýarlar. Bu barada Bloomberg habarlar gullugy özlerini
tanatmazlygy haýyş eden programma gatnaşyjylara salgylanmak bilen habar
berýär, muny RBK ýetirýär.
Merkez sanjymy Göni maýalaryň rus fondunyň hem-de RF-nyň Goranmak
ministrliginiň hemaýat bermegi netijesinde taýýarlady.
Sanjymy alyp biljek adamlar anyklaşdyrylanok. Habarlar gullugynyň
çeşmelerinden biri, ýagny bolup geçenlerden habarly bolan barlagçy sanjymy
sançma programmasyna ýüzlerçe adamyň gatnaşandygyny nygtaýar. Onuň
aýtmagyna görä, indiden beýläk özüni koronawirus ýokanjyndan goramak
isleýänleriň mümkin bolup biljek ýygnanmasyndan gaçar ýaly, muny aýan
etmezlik kararyna geldiler. Bloomberg bu çeşmä onlarça sanjym sanjylanlaryň
bellidigini görkezýär. Esasanam, sançmany “Rusalyň” top-menejerleriniň alan
bolmagy mümkin diýip, agentlik ýetirýär.
Neşir häzire çenli sanjymyň haýsy prinsip boýunça ýaýradylandygynyň
anyklanylmadygyny görkezýär. Bellenilişine görä, programma gatnaşmak mugt
bolup, sanjym sanjylanlar howpuň bolup biljekdigini bilýändikleri barada
kagyzlara gol çekipdirler.
RF-iň prezidentiniň press-sekretary Dmitriý Peskow döwlet ýolbaşçysyna
sanjym sançmak üçin eksperimental we şahadatnamasyz serişdäniň ulanylmagynyň
mümkindigini ýalana çykardy.
Öň, Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymynyň synagynyň birinji
tapgyrynyň tamamlanandygy habar berildi. Serişde adamlar üçin howpsuz bolup,
ähmiýetli goşmaça täsirleri ýüze çykarmaýar. Synagyň indiki tapgyrynyň
netijesinde alymlar sanjymyň COVID-19-a garşy nähili netijelidigini anyklarlar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Bloomberg: Rus çinownikleri we oligarhlary koronawirusa garşy sanjymy gizlin aldylar
Bloomberg: Rus çinownikleri we oligarhlary koronawirusa garşy sanjymy gizlin aldylar
