Bu ýönekeý, emma örän möhüm! Sebäbimi?! Sebäbi häzirki günlerde
ýurdumyzyň çägine amatsyz howa akymy aralaşyp, howada tozanyň düzümi
agdyklyk edýär. Saglygymyzy goramak, ozaly bilen, özümize bagly. Agyz-burun
örtüklerini ulanmak bilen, diňe özümizi däl, eýsem, daş-töweregimizdäkileri hem
keselleriň ýokuşmagyndan goraýandygymyzy unutmaly däldiris!
Aslynda, agyz-burun örtüklerini köplenç saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri
peýdalanýarlar. Emma agyz-burun örtükleri diňe bir lukmanlaryň iş serişdeleriniň
biri bolmak bilen çäklenmän, dürli ýokanç kesellerden we howadaky tozan
bölejiklerinden goranmagyň hem ygtybarly usullarynyň biridir. Agyz-burun
örtükleri daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-
da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän
ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan şeýle örtüklerini
saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy
maksadalaýykdyr.
Ýogsa-da, agyz-burun örtüklerini kada laýyk ulanýarsyňyzmy?! Bu babatda
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy käbir maslahatlary berýär:
— agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly;
— dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly,
onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli;
— agyz-burun örtügini dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige
çalşyň;
— agyz-burun örtügiňizi aýyranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly;
— ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly;
— agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap
ýuwmaly.
Lukmanlar agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat
berýärler. Örtükleri çygly ýagdaýda ulanmaly däldir. Häzir tomus pasly dowam
edýär. Şonuň üçin-de, hökman agyz-burun örtüklerini ulanyň! Bu hemmeleriň
sagdynlygy üçin örän möhümdir.
«Türkmenistan» gazet