Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hat iberdi.
Hatda bellenilişi ýaly: «Hytaýyň günortasynda birnäçe welaýatlarda bolup
geçen giň gerimli suw joşgunlary zerarly iberen gynanç hatyňyz üçin Size Hytaýyň
Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan tüýs ýürekden
hoşallyk bildirmegi özüm üçin hormat saýýaryn, şol hatyňyzda hytaý-türkmen
gatnaşyklaryna hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky öňden gelýän
dostluga uly üns berilýär».
Şeýle hem hatda türkmen Liderine berk jan saglyk we abadançylyk,
Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edilýär.
Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hat iberdi
