2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa
şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda
Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň
dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde
goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi.
Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik
wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň
birnäçesiniň, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri
Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap
çykyş etdiler.
Geçirilen maslahatlaşmalardan soňra, BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy
döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi
biragyzdan kabul etdiler.
Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu
Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet
boldy.