22-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri
boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly
wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-
ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara
alyp maslahatlaşdylar. Taraplar parlamentara gatnaşyklar we olary giňeltmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.  
Diplomatlar Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine, şol sanda maýa goýumlary çekmek,
işewürler forumlaryny geçirmek, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek
meselelerine seredildi.