«Täç hil» hususy kärhanasy Merkezi Aziýada ilkinji bolup gel görnüşli
antibakterial serişdesiniň önümçiligini ýola goýdy ― diýip, «Ahal durmuşy»
gazeti habar berýär.
Bakteriýalary ýok etmekde hem-de elleriň derisini ýumşadyp, witaminler
bilen üpjün etmekde ýokary häsiýete eýe bolan bu serişdeleriň her bir görnüşiniň
özboluşly täsir edijiligi bar. El üçin gigiýeniki tämizleýji odekolonlar hem-de gel
görnüşli gigiýeniki goraýjy serişdeleriň önümçiligi aýratyn bellenilmäge
mynasypdyr.
50 ml, 200 ml we 250 ml ölçeglerdäki gaplara gaplanan, alma, pyrtykal,
limon, orhideýa, lawanda ýaly önümleriň hoşboý ysy garylan bu antibakterial
serişdeleriň hil derejesi hil barlaghanalaryndan üstünlikli geçdi.
Şu günler kärhanada düzüminde üzärlik dänejikleri bolan gel görnüşli
antibakterial serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Özüniň ýokary hilli
düzümini, hoşboý ysyny, tebigy reňkini we ýokumyny üzärlikden alýan hem-de
ellerimizdäki bakteriýalary doly ýok etmäge we birnäçe sagadyň dowamynda
ellerimizi zyýanly bakteriýalardan goramaga ukyply bolan bu antibakterial serişde
ýakyn wagtda söwda nokatlarynyň üsti bilen, ildeşlerimize elýeterli bahadan
ýetiriler.