Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik geçirildi.
Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek
kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň
dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Telefon gürrüňdeşliginiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem dünýä meseleleriniň möhüm
ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alşyp, gün tertibiniň, ilkinji nobatda,
ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek meseleleri
boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň gabat gelýändigini
kanagatlanma bilen bellediler.
Döwlet Baştutanlary halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir edýän
häzirki döwrüň ählumumy meselesine — täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň
pandemiýasy baradaky gürrüňe geçip, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy
göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, şeýle hem yzygiderli
ýagdaýda arassaçylyk — karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny
işjeň herekete getirmek, şeýle-de Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek
baradaky başlangyçlarynyň möhümdigi hem-de öz wagtynda öňe sürlendigi
nygtaldy.
Aral bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berildi, bu deňziň
guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitde hem-de onuň çäklerinden
alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral
zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara
ýaýramagyna täsir edip biljekdigini belledi.
Şawkat Mirziýoýew bu pikiri goldap, Özbegistanda geçirilýän çäreler, şol
sanda Aral deňziniň guran düýbünde sazaklaryň ekilýändigi barada gürrüň berdi.
Türkmenistan hem maksada gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyrýar.
Hususan-da, Daşoguz welaýatynda işjeň çäreler geçirilýär, bu ýerde ýörite tokaý
zolagy döredildi, ol Aral tarapdan öwüsýän tozanly ýeller üçin özboluşly süzgüç
bolup hyzmat edýär.