Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň
Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we
Bahreýn Patyşalygynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny
tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde we söwda-ykdysady pudagynda
bolşy ýaly, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň
geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Bahreýniň Patyşasy
sebitleýin we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, geografiki taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp
döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli
koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19
ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn
goldaw berýär. Ýurdumyz howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin
ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň
işjeňleşdirmeginiň tarapdary bolup durýar.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistan we Bahreýn özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Bahreýn özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar
