Türkmenistanda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda bank kartlarynyň sany 8
göterim artdy. Ýurtda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda 3.9 million sany işjeň kart
ulanylan bolsa, häzir olaryň sany 4,3 milliona ýetdi. Bu barada Arzuw News
ýazýar.
Soňky alty aýyň içinde fewral aýynda has köp ýüztutmanyň gelendigini
aýtmak gerek. Şol aýda 80 935 sany täze işjeň kart taýýar edildi.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» täjirçilik banky ýurtda töleg kartalaryny iň köp
paýlan bank edarasydyr. Häzir bankyň müşderileriniň 1,6 millionynda kart bar.
Ikinji orny 809 139 işjeň kart bilen «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky
eýeleýär.
Iň köp bank karty bolan sebit Aşgabat şäheridir. Häzirki wagtda paýtagtlylar
1,6 milliondan gowrak kartdan peýdalanýarlar. Şol kartlaryň 38 göterimi
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna degişlidir. Ikinji orny 745 823 kart
bilen Mary welaýaty eýeleýär.
«Daýhanbank» ýurduň Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda iň kän
kart paýlan bankdyr. Munuň sebäbi bu sebitlerde kärendeçilik bilen meşgullanýan
daýhanlaryň sanynyň Aşgabat we Balkan sebitlerindäkiden has köp bolmagy bilen
baglanyşyklydyr.
Soňky dört ýarym ýylda Türkmenistanda bank kartlarynyň sany dört esse
artdy. 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli dolanyşykda 1 milliondan gowrak bank
karty bardy.