Amerikanyň koronawirus sanjymy 2020-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar.
Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump Demirgazyk Karolina ştatynda eden
çykyşynda belläp geçdi.
Trump degişli synaglardan we barlaglardan soň derrew amerikalylara
berilmegi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köp mukdarda sanjym
öndürjekdigini ýene-de bir gezek belläp geçdi. Mundan başga-da, bu sanjymyň
dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky adamlar üçin hem elýeterli boljakdygy mälim
edildi. 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli 300 million töweregi sanjym taýýarlamak
we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we derman serişdeleri
müdirligi (FDA) koronawirus sanjymynyň täze tapgyryny başlamak üçin
rugsatnama berdi. Kliniki synaglara 30 müňe golaý adam gatnaşar.
“Moderna” biotehnologiýa kompaniýasy bu sanjymlaryň synagynyň üçünji
tapgyryny geçirer. Ozalky tapgyrlardan oňat netijeler gazanan kompaniýa bu
ugurdaky işlerini dowam etdirýär.
ABŞ-nyň Kongresi sanjymlary taýýarlamak maksatnamasy üçin 10 milliard
dollar bölüp berdi: “Geljek ýyl ulanylmaga taýyn bolar ýaly, güýz aýyna çenli
ýüzlerçe million möçberde sanjymlar taýýar ediler” – diýip, ABŞ-nyň wise-
prezidenti Maýkl Pens hem Maýami uniwersitetiniň lukmançylyk merkezi
tarapyndan gurnalan maslahatda eden çykyşyndan belläp geçdi.
Şeýle hem Oksford uniwersitetiniň lukman alymlary hem koronawirusa garşy
sanjymy synagdan geçirmek babatda ilkinji oňyn netijeleri aldy. Sanjymlaryň
üçünji tapgyry hem netijeli bolan halatynda güýz aýlarynda sanjymlary taýýar
etmek işine girişiler