27-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda
«Türkmengaz» — döwlet konserniniň guramagynda Türkmenistan — Owganystan
— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleriň
degişli wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.
Maslahata türkmen tarapyndan Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet
konserniniň başlygy B.Amanow we beýleki degişli ýolbaşçylar gatnaşdylar. Bu
barada “Nebit-Gaz” elektron neşiri habar berýär.
Maslahatda gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine dahylly guramaçylyk,
maliýe we gurluşyk meselelerine garaldy. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän
koronawirus ýokanjy zerarly belli bir çäklendirmeleriň dörändigine garamazdan,
taraplaryň onuň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn
bellenildi, pandemiýa tamamlanandan soňra, taslamany has-da işjeňleşdirmegiň
ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň wekilleri tarapyndan
TOPH taslamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň hökümetiniň, ýangyç-
energetika toplumynyň işine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň
parasatly we öňdengörüjilikli başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly
taslamanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýeti, sebitiň halklarynyň abadan,
bagtyýar durmuşy üçin ýokary ähmiýeti guwanç bilen bellenildi.
TOPH halkara gazgeçirijisine gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň aýdyşy ýaly,
onuň durmuşa geçirilmeginiň sebitde parahatçylygy üpjün etmekde hem ägirt uly
ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan
Prezidentine, türkmen tarapyna bu taryhy tutumy durmuşa geçirmekde alyp barýan
işleri üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
