Sentýabr aýynyň 15-16 Özbegistanyñ Hywa şäherinde «Tansyň jadysy» atly halkara festiwaly geçirildi. Festiwala dunýäniň dürli künjeginden sungat wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistandan Daşoguz welaýatynyň «Dessan» tans topary we sungat wekilleri gatnaşdylar.Festiwal «Içan kala» döwlet muzeý-goraghanasynda geçirilip, ol Aziýanyň we Ýewropanyň 20 ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden çeper döredijilik toparlaryny ýygnady. Bu çäräniň baş maksady halklaryň asyrlar bäri dowam edip gelýän däplerini dikeltmek we baý medeni mirasyny giňden beýan etmek bolup durýar.Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýelediler. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendir. Türkmen topary «Tansyň jadysy» halkara festiwalynyň ýeňijisiniň diplomyna we pul baýragyna mynasyp boldy.Şeýle hem birinji orna Polşadan gelen topar mynasyp boldy. Ikinji orny Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gruziýanyň toparlary paýlaşdylar. Üçünji orna Täjigistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň we Özbegistanyň wekilleri mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş baýragyny Azerbaýjanyň topary eýeledi.Festiwalyň çäklerinde tans sungatynyň milli däplerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Ol Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýünde uly üstünlik bilen geçirildi.