«Ukrrudprom.com» habar gullugynyň habaryna görä, 4000 tonna türkmen
dizel ýangyjynyň «Nawiger-2» tankeri bilen Türkmenbaşy halkara deňiz
menzilinden Zaporožýe menziline barmagyna garaşylýar.
Çeşmäniň habaryna görä, 4000 tonna dizel ýangyjy bolan başga bir gämi,
Türkmenbaşydan Nikolaýew menziline tarap ugraýar.
«Nebit we nebit önümleriniň dünýä bahalarynyň arzanlamagy sebäpli,
Ukraina türkmen dizel ýangyjyny almagy togtatdy. Ortaýer deňzinde bahalaryň
ýokarlanmagy bilen satyn alyş ýene-de dowam etdirilýär» diýip, ukrain tarapy
düşündirýär.
Türkmenistan mundan ozal dizel ýangyjyny Ukraina iň soňky gezek geçen
ýylyň oktýabr aýynda ugradypdy. Geçen ýyl Ukraina jemi 107 müň tonna ýangyç
ugradyldy. Şunça ýangyjyň 35 müň tonnasy Zaparožýe menzilinde kabul edilipdi.