Zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna
baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Milli
Liderimiz welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna
geldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç
atly mele bedewiň ýanyna geldi. Hormatly Prezidentimiz athananyň gapysyny
açyp, bedewe kelleki dakdy. Döwlet Baştutanymyz onuň beden gurluşyny synlap,
milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi
athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.
Bedewli gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz ony athana getirdi, onuň
kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa
ýakdy. Milli Liderimiz ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege
hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
