29-njy iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
boldy.
Dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary birek-biregi ýakynlaşyp gelýän
Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk
arzuw etdiler.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus
ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna edýän
ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň
ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan СOVID-19 ýokanjyna garşy göreşde
dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş
alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar.
Hormatly Prezidentimiz ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn
netijelere getirjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns
berýändigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi.