Bu barada Bişkekde geçen Hökümetara Türkmen-Gyrgyz toparynyň 4-nji mejlisinde Gyrgyzystanyň Transport we ýol ministriniň orunbasary Ženişbek Nogaýbaew mälim etdi diýip, ýurdyň resmi “Kabar” saýty ýazýar.

Nogaýbaewiň aýtmagyna görä, taraplar uçarlaryň göni gatnamagy üçin ähli tagallalary edýär. “Göni gatnawyň açylmagy söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle hem howa koridorynyň döremegi we bäsdeşlilige ukyplylygyň işjeňleşmegine” getirer diýip pudak ýolbaşçysynyň orunbasary belleýär.

         Şu ýylyň soňky ýedi aýynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6, 5 million dollara ýetdi.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda we hyzmatlar bölüminiň müdiri Döwran Orazmyradow Bişgekde geçen gyrgyz-türkmen biznes forumynda habar berdi. “Häzirki gün Gyrgyzystan we Türkmenistan söwda, syýahatçylyk, transport, logistika we oba hojalygy pudaklarynda geljegi uly hyzmatdaşlyklary durmuşa geçirýär” diýip, D.Orazmyradow forumda aýtdy.  Türkmenistanyň Gyrgyzystana eksporty 2 million 836 müň dollar, importy bolsa 3 million 43 müň dollardan ybarat boldy. Türkmenistana Gyrgyzystandan lampalar, plastmassa lentalar, ýüň-ýüplük öndûrilýän enjamlar import edildi.