Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň metbugat merkezi häzirki wagtda
Türkmenistanyň ýurtda COVID-19 keseliniň ýüze çykmagy bilen bagly habar
bermändigini belleýär. Ýöne ýurtda dem alyş ýollary bilen bagly bu ýokanç keseliň
öňüni almak üçin berk çäreler görülýär. Şol çäreleriň çygrynda köpçülikleýin
ýerlerde ― bazarlarda, dükanlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda käbir
çäklendirmeler girizildi.
BSGG-niň ýakynda Türkmenistanda bolan wekiliýeti ýurtda ýokarda agzalan
çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek bellediler. Olar howply keseliň
öňüni almak maksady bilen, ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerine ýene-
de birnäçe maslahatlary berdiler. Olaryň hatarynda güman edilýän hadysalary
barlamak, izolirlemek we bejermek bilen baglydyr.
BSGG-niň wekiliýetiniň Türkmenistandaky missiýasy tamamlamak üçin,
gurama tarapyndan ýurda ynsanperwerlik kömegi hökmünde öňüni alyş serişdeleri
ugradyldy. Missiýa ýurduň birnäçe ýerlerinde aýlanyp, ýurtda amala aşyrylýan
öňüni alyş çäreleri bilen tanyşdylar. Berlen beýanatda bolsa: «Türkmenistan
abanýan howpdan doly habarly, ýurtda COVID-19-yň öňüni alyş çäreleri
geçirilýär» diýildi. Şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynyň
ýolbaşçylaryna, Ýewropa döwletleriniň köpüsinde edilişi ýaly, içerki barlaglaryň
netijelerini BSGG-niň barlaghanasyna tassyklamak üçin ibermek maslahat berildi.
2005-nji ýyldan bäri hereket edýän Halkara saglyk düzgünnamasyna
laýyklykda, ähli ýurtlar, tebigatyna ýa-da geografiýasyan garamazdan,
garaşylmadyk ýa-da adaty bolmadyk jemgyýetçilik saglyk wakalary barada
BSGG-a habar bermelidir.
Toparyň hünärmenleri saglygy goraýyş işgärleri üçin goşmaça okuwlary
guramagyň hem zerurdygyny aýtdylar.